Serdar Berdimuhamedow Bakuda Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitine gatnaşýar

  • 02.03.2023 12:25
  • 19k+

Şu gün, 2-nji martda Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Bakuda öz işine başlan Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşýar.

Trend agentliginiň habar bermegine görä, sammitiň işine 70-den gowrak ýurduň wekilleri, şol sanda Bosniýa we Gersogowinanyň, Özbegistanyň, Yragyň, Liwiýanyň prezidentleri, Kubanyň, Gabonyň, Tanzaniýanyň wise-prezidentleri, Alžiriň we Keniýanyň premýer-ministrleri, dürli ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň prezidenti Çabo Kýorýoşi, BMG-niň Bütindünýa syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Baş direktory Antonio Witorino, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Tatýana Walowaýa, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Hysrow Noziri we beýlekiler, şeýle hem ministrler, ministrleri orunbasarlary, ilçiler we beýlekiler gatnaşýar.
Sammitiň dowamynda, COVID-19 pandemiýasynyň netijelerini ýeňip geçmek nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşylýar.


şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......