Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Azerbaýjana bardy

  • 02.03.2023 10:53
  • 18k+

Şu gün, 2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Azerbaýjana bardy.

Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmanyň hormatyna hormat garawuly düzüldi. Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagup Eýýubow, daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow we beýleki resmi adamlar garşy aldylar.
Döwlet Baştutany saparyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşar.
Azerbaýjan Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Sammitiň dowamynda, COVID-19 pandemiýasynyň netijelerini ýeňip geçmek nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşylar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşarlar.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......