Seýsmologlar Ýeriň içki ýadrosynyň merkezi böleginiň takyk ölçeglerini kesgitlediler

  • 24.02.2023 11:11
  • 26k+

Awstraliýaly seýsmologlar Ýeriň ähli galyňlygyndan birnäçe gezek geçen seýsmiki yrgyldylary seljerip, planetamyzyň jümmüşiniň gaty böleginiň içki gatlagynyň radiusynyň 650 kilometre barabardygyny anykladylar. Alymlaryň gelen netijeleri Nature Communications žurnalynda çap edildi.

"Ýeriň içki ýadrosy henizem planetamyzyň öwrenilmedik bölegi bolmagynda galýar. Biz onuň özbaşdak merkezi bölegi barada has az bilýäris, ony ilki açanlaryň çaklamalaryna görä, onuň radiusy takmynan 300 km töweregi bolmaly. Biz planetanyň tutuş süňňünden birnäçe gezek geçýän seýsmiki yrgyldylaryň seýrek bir görnüşini, bu gatlagyň ölçeglerini takyklamak we häsiýetlerini öwrenmek  üçin ulandyk, şonda onuň diametri başlangyç çaklamalardan has uly, takmynan, 650 km bolup çykdy" - diýip gözlegçiler ýazýarlar.

Ýeriň jümmüşi birnäçe gatlakdan durýar - gaty ýer gabygyndan, ýarym suwuk mantiýadan hem-de ergin daşky we gaty içki metal ýadrodan.


düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
4.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......