Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy

  • 18.02.2023 23:56
  • 20k+

18-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşlyk çäresine ýurdumyzyň käbir wise-premýerleri, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar.
Görkezilen şekil taslamalaryň hatarynda, şäheriň dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň, awtomenzil we awtotoplum desgalarynyň, teklip edilýän demir ýol menziliniň hem-de bu düzümlere degişli ugurdaş desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary, durky täzelenilýän awtomobil ýollarynyň bölekleri, täze ýollaryň çyzgylary hem-de dürli gatly, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.
Saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň gurluşygynyň birinji nobatdakysynyň açylyş dabarasy geçiriljek Baş baýdak meýdançasyna baryp gördi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......