Fewralyň ilkinji günleri Türkmenistanda ýagyşly, ýöne maýyl bolar

  • 31.01.2023 17:36
  • 32k+

Fewral aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanda maýyl, emma ýagyşly howa bolar. Ýurdumyzyň sebitlerinde +19 gradusa çenli gyzar. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy habar berýär.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar.  Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… +1 gradusdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13… +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7… +12 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3… +2 gradusdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8… +13 gradusdan +13… +18 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -5 gradus sowukdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8… +13 gradusdan +14… +19 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar.  Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… -6 gradus sowukdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6… +11 gradusdan +12… +17 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… -9 gradus sowukdan -2… +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3… +8 gradusdan +7… +12 gradus aralygynda maýyl bolar.
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -2 gradus sowukdan +4… +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10… +12 gradusdan +14… +16 gradus aralygynda maýyl bolar.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......