Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: durnukly aram maýyl howa bolar

  • 23.01.2023 09:36
  • 30k+

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada «Türkmenistan» gazetinde berýän maglumatyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda, gündizlerine +11... +16 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +4... +9 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7... -12 gradus sowukdan -3... +2 gradus aralygynda, gündizlerine -2... +3 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durian bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 4 — 9 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradusdan -8...-13 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -3... +2 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradusdan -10... -15 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -4... +1 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazykgünbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradusdan -11...-16 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -4... +1 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7... -9 gradusdan -1... +1 gradus aralygynda, gündizlerine +1... +3 gradusdan +8... +10 gradus aralygynda maýyl bolar.


düýn 18:22
8.5k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....