Türkmenistanda ýokary wekilçilikli täze edara — Halk Maslahaty döredildi

  • 22.01.2023 01:01
  • 21k+

Ýurdumyzda ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.

21-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen Milli Geňeşiň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy giňden ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň hukuk esaslaryny berkidýän degişli Kanun kabul edildi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara diýlip ykrar edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.
Halk Maslahatynyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylar we onuň mejlisine agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, ol ygtyýarlydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlygyna görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......