Aşgabatda jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Milli Geňeşiň mejlisi geçirilýär

  • 21.01.2023 16:28
  • 22k+

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty geçirilýär. Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda geçirilýän maslahatyň gün tertibine konstitusion topar tarapyndan taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek bilen bagly meseleler girizildi.

Umumymilli foruma ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, Diýarymyzyň sebitlerine wekilçilik edýän il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatyny açyk diýip yglan edenden soňra, Döwlet senasy ýaňlandy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, dürli gatlaklara wekilçilik edýän ildeşlerimiziň çykyşlary diňleniler, kanun çykaryjy häkimiýetiň düzümlerini kämilleşdirmek bilen bagly möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.
Arakesme wagtynda bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler we toý sadakasy berler.
Günüň ikinji ýarymynda bilelikdäki maslahatyň işi dowam eder. Onuň jemleri boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......