Elefsis, Timişoara we Wesprem 2023-nji ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary bolar

  • 09.01.2023 15:02
  • 5.3k+

Ýewrokomissiýa (ÝK) Elefsisiň (Gresiýa), Timişoaranyň (Rumyniýa) we Wespremiň (Wengriýa) 2023-nji ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary hökmünde saýlanandygyny resmi taýdan yglan etdi.

"Ýewropanyň medeni paýtagty ady Ýewropadaky medeniýetleriň baýlygyny we dürlüligini görkezmäge, durnukly syýahatçylygy höweslendirmäge we medeniýet arkaly şäherleriň ösmegine ýardam bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bu şäherleriň özlerine-de, olara ýanaşyk sebitlere-de uzak möhletleýin oňyn sosial we ykdysady täsirlerini ýetirýär "- diýip, ÝK-niň anna güni Brýusselde çap edilen kommýunikesinde aýdylýar .
"2023-nji ýylyň dowamynda Ýewropanyň täze medeni paýtagtlary hemmelere öz medeniýetiniň baýlygyny we dürlüligini açmaga mümkinçilik berýän köp sanly çäreleri, sergileri we tomaşalary hödürlär" - diýip, ÝK-niň resmi wekili Ýohannes Barke Brýusselde geçen brifingde aýtdy.

Ýewropanyň medeni paýtagty diýen ada eýe bolmak hukugyny almak üçin şäherler öz "ýaşaýjylarynyň we jemgyýetçiliginiň bu işe işjeň gatnaşmagyny höweslendirip, güýçli Ýewropa ölçegli medeni maksatnamalary" işläp taýýarlamaly diýip, Ýewrokomissiýada bellediler.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......