Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet saparynyň maksatnamasy taýýarlanyldy

  • 05.01.2023 08:43
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa boljak döwlet saparynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Döwlet sapary 5-6-njy ýanwarda amala aşyrylar.

4-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow Pekinde ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhümdigine, onuň köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýuldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......