«Tesla» 2022-nji ýylda elektromobilleri satmak boýunça rekordyny täzeledi

  • 04.01.2023 00:53
  • 17k+

Ilon Maskyň ýolbaşçylygynda elektrik awtoulaglaryny öndürýän «Tesla» amerikan kompaniýasy geçen ýylyň jemi boýunça müşderilerine rekord mukdarda — 1 313 851 nusga awtoulag iberdi. Bu 2021-nji ýyldaky görkezijiden 40% köpdür.

2022-nji ýylda kompaniýa bazara 1 247 146 sany Model 3 (sedan) we Model Y (krossower) ulaglaryny iberdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 37% köpdür. S we X modeli, 2021-nji ýyldakydan 2,7 esse köp, ýagny 66 705 sanysy iberildi.
IV çärýekde Tesla bazara rekord 405 278 sany elektrik ulagy (388 131 sany Model 3 we Y hem-de 17 147 sany Model S we X) iberdi. Bu san rekord hem bolsa, oktýabr-dekabr aýlarynda 420 760 sany ulagyň iberilmegine garaşýan analitikleriň çaklamalaryndan pesräk geldi.
«Teslanyň» paýnamalary geçen ýylky bahasynyň takmynan 65%-ini ýitirdi. 2022-nji ýylyň başynda 1,2 trillion dollar diýlip bahalandyrylýan elektrik awtoulag öndürijisiniň kapitalizasiýasy üç esse kemeldi.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

06.05.2026 19:44
4.6k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......