2023-nji ýylyň şygary we nyşany nämäni aňladýar?

  • 30.12.2022 08:35
  • 36k+

Türkmenistanda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak baradaky karar kabul edildi.

Geljek ýylyň şygary halkymyzy ähli ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerine, üstünliklere tarap ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimize hormat-sarpanyň nyşanydyr. Munuň özi döwlet Baştutanynyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça amala aşyrýan bimöçber işleriniň, şu günki we geljekki nesilleriň rowaç hem-de abadan geljegini üpjün etmekdäki uly tagallalarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
29-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy onuň bezeginiň aýratynlyklary barada habar berdi. Nyşanda ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny, bagtyýarlygyny, ösüşe we oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy hem-de ýaşlaryň watançylyk duýgusyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......