Şu gün Hakuto-R ýapon arş gämisi Aýa uçurylar

  • 11.12.2022 11:37
  • 6.7k+

Şu gün ispace kompaniýasynyň Hakuto-R ýapon Aý gonuş enjamy Falcon 9 raketasynyň kömegi bilen Aýa uçurylar diýip, SpaceX göterijisiniň işläp taýýarlaýjysy habar berýär.

Uçuryş ABŞ-nyň Gündogar kenarýakasynyň wagty bilen 02:38-de (12:38 aşg.) Floridada Kanaweral burnunda amerikan Kosmos güýçleriniň bazasyndaky 40-njy uçuryş toplumyndan amala aşyrylar.
Hakuto-R Aýa üstünlikli gonduryljak taryhda ilkinji hususy kosmos apparaty bolup biler.
Bir tonna agramy bolan moduly 2023-nji ýylyň aprelinde Aýyň görünýän tarapynda Atlas kraterinde gondurmak meýilleşdirilýär. Birnäçe ylmy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu apparat stasionar saýawan hökmünde barlag işlerini ýerine ýetirer.
Ölçegi 2-ä 2,5 metr bolan ýapon gonuş apparaty bilen bilelikde, Aýa Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan döredilen 10 kg-lyk Rashid lunohody hem uçurylar.
Rashid lunohody Aýyň üstüni surata düşürer we birnäçe barlaglary geçirer. Ol 14 sany ýer gününiň dowamynda maksatnamasyny ýerine ýetirer.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....