Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy

  • 25.11.2022 09:15
  • 10k+

24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda welaýatlaryň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, şeýle hem welaýatlarda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda pagtaçy daýhanlar tarapyndan gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça degişli işler guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şaly hasylynyň oragy gyzgalaňly dowam edýär, şonuň bilen birlikde, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.


04.06.2026 12:34
5.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.8k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......