Serdar Berdimuhamedow Eýranyň nebit ministrini kabul etdi

  • 17.11.2022 08:08
  • 7k+

16-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.

Netijeli geçen duşuşykda taraplar iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy bu ulgamyň ösdürilmegine ilkinji derejede ähmiýet berýärler. Ägirt uly serişde we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň geljekde-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerinde däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigi bellenildi.
Eýranyň nebit ministri Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan energetika syýasatyna hem-de onuň çäklerinde yzygiderli amala aşyrylýan we ýurduň örän baý serişde mümkinçilikleri dünýä bileleşiginiň bähbidine gönükdirilen giň gerimli taslamalaryna ýokary baha berip, goňşy ýurduň netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine ýardam berýän ulag, kommunikasiýa, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......