Alymlar näsaga ilkinji gezek emeli ýetişdirilen gan öýjüklerini goýberdiler

  • 09.11.2022 12:39
  • 9.2k+

Birnäçe ylmy guramalaryň alymlary dünýäde ilkinji gezek ganyň - eritrositleriň emeli ýetişdirilen öýjüklerini goýbermek boýunça kliniki barlagy geçirýärler diýip, Kembrij uniwersitetiniň habarynda aýdylýar.

"Öýjükler donorlaryň ýogyn düýpli öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirildi. Soň eritrositler randomizirlenen gözegçilik edilýän RESTORE kliniki barlagynyň dowamynda  meýletinçilere goýberildi" - diýip, habarda aýdylýar.

Bu barlaghanada ýetişdirilen eritrositleriň barlagyň çäklerinde adama goýberilmegi bilen bagly dünýäde ilkinji ýagdaýdyr.
Eger alnan öýjükleriň howpsuzdygy we netijelidigi subut edilse, olar soňlugy bilen gan kesellerini, mysal üçin, orak görnüşli-öýjük ganazlygyny bejermekde uly özgerişlik döredip, şeýle-de donor tapmak kyn bolýan seýrek topara degişli ganly adamlary halas edip biler.
Barlagyň dowamynda barlaghana şertlerinde ýetişdirilen öýjükleriň ömrüniň, şol bir donoryň standart eritrositlerini goýbermek bilen deňeşdirilende, dowamlylygy öwrenilýär.

"Häzirki wagtda iki adama barlaghanada ýetişdirilen eritrositleri goýberdiler. Olar dykgat bilen göz astyna alyndy we hiç hili ýaramaz netije bellige alynmady. Olar sagdyn" - diýip habarda aýdylýar.

Barlaghanada ýetişdirilip goýberilýän öýjükleriň sany üýtgäp durýar, ýöne 5-10 ml töwerek - çen bilen bir çaý çemçesinden iki çaý çemçesine çenli.
Soňraky eksperimentleriň dowamynda 10 gatnaşyja 4 aý arakesme bilen iki gezek eritrosit goýbererler - biri donoryňky, ikinjisi emeli ýetişdirilen. Alymlara ýetişdirilen öýjükler donoryňka garanda adam bedeninde uzak saklanýarmy ýa-da ýok, bilmek gerek. 


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......