2023-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy Milli Geňeşiň Mejlisine iberildi

  • 05.11.2022 00:28
  • 9.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny Milli Geňeşiň Mejlisine iberdi. Milli Geňeşiň Mejlisine iberilýän hata Serdar Berdimuhamedow 4-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminamada degişli Permana laýyklykda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr.
Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat berip, serişdeleriň ep-esli böleginiň  durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriljekdigini habar berdi. 2023-nji ýyl üçin bölünip berilýän maýa goýumlary hem milli ykdysadyýetiň kuwwatyny pugtalandyrmaga, pudaklar üçin täze önümçilikleri gurmaga hem-de hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmaga, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gönükdiriler.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işiň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme geçirmek, şeýle hem, emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde garaşylýan netijeleri seljermek ýerine ýetirilmeli işleriň esasylarynyň hatarynda görkezildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......