Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda pagta ýygymynyň derejesiniň pesdigine ünsi çekdi

  • 26.10.2022 00:22
  • 24k+

25-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy  hem-de sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa obasenagat toplumy boýunça wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri hasabat bilen çykyş etdiler. Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häkimlere degişli tabşyryklary berdi.
Hususan-da, türkmen Lideri Ahal welaýatynyň Kaka, Sarahs, Tejen etraplarynda; Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda; Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent, Akdepe, Boldumsaz etraplarynda Lebap welaýatynyň Döwletli, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda Mary welaýatynyň Oguzhan, Wekilbazar, Murgap etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu ugurdaky işleriň barşyna nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini, bu jogapkärli möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi häkimlerden talap etdi.
Döwlet Baştutany obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk we öz wagtynda geçirmek,  öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna  jogapkärçilikli  çemeleşmek babatda anyk görkezmeleri berdi.


04.06.2026 12:34
5.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.8k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......