Gurbanguly Berdimuhamedow: Welaýatlarda pagta ýygymynyň, bugdaý ekişiniň derejesi pes

  • 23.10.2022 17:48
  • 38k+

Ýerlerde ýagdaýlaryň öwrenilmegi netijesinde welaýatlaryň we etraplaryň ýolbaşçylarynyň häzirlikçe öňde goýlan wezipeleri, ilatymyzyň durmuşyny gowulandyrmak boýunça meseleleri çözmekde talabalaýyk işlemeýändiklerini görkezdi diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek meselelerine bagyşlap 22-nji oktýabrda geçirilen mejlisde belledi.

Mejlisiň barşynda welaýat häkimleri çykyş etdiler.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatlarda pagta ýygymynyň, bugdaý ekişiniň, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň derejesiniň pesdigini aýdyp, döwlet tarapyndan köp möçberde satyn alnan tehnikalaryň netijeli ulanylmaýandygyna, beýleki pudaklaryň hem oňat netijeleri görkezmeýändiklerine ünsi çekdi.

«Munuň özi welaýatyň we etraplaryň häkimleriniň bildirilýän talaplara  laýyklykda iş alyp barmaýandygyny görkezýär» diýip belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlikleriň dolandyryş düzümlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek meseleleriniň zerurdygyny aýtdy.


04.06.2026 12:34
5.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.8k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......