Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 03.10.2022 22:56
  • 16k+

Şu gün, 3-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy  we sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatyna obasenagat toplumy boýunça wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri ýerlerde pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek ugrunda geçirilýän çäreler, şeýle hem bu möwsümde pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalaryň,  kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdi.  
Şeýle hem güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen bol hasyly öz  wagtynda ýygnap almak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmelidigine hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Serdar Berdimuhamedow güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň bol hasylynyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň kepili bolup durýandygyny belledi.  
Maslahatyň barşynda şeýle hem wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de topragyň hasyllylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.


04.06.2026 12:34
5.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.8k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......