Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň döwlet nebit ministrini kabul etdi

  • 21.09.2022 10:16
  • 6.5k+

20-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi.

Döwlet Baştutany we ministr söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, söwda-ykdysady ulgam bu gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň  möhüm bölegidir. Bu babatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalar uly ähmiýete eýedir. Energetika we kommunikasiýalar ulgamynda bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany we myhman soňky ýyllarda täze depgine we many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......