Türkmenistanyň 4 welaýatynda pagta ýygymyna girişildi

  • 08.09.2022 08:48
  • 8.1k+

7-nji sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 14-nji sentýabrda başlanar.    

Tutuş ýurdumyz boýunça pagta ýygymy möwsüminde 1600 kombaýn, ýetişdirilen hasyly daşamak üçin dürli ulaglaryň 7800-si ulanylar, möwsüme pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň 158-si taýýarlanyldy.  
Pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki-hyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ýygymçylaryň   öndürijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Harmanhanalaryň hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň ýanynda hereket edýän  barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.
Şol gün Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti  “ak altyndan” doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen  awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan çärelere häkimlikleriň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......