Serdar Berdimuhamedow Çolpon-Atada Sadyr Žaparow bilen duşuşdy

  • 21.07.2022 17:38
  • 13k+

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Çolpon-Ata şäherinde gyrgyz Lideri Sadyr Žaparow bilen duşuşdy diýip, gyrgyz Lideriniň metbugat-gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Sadyr Žaparow Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň ýakyn dost hem strategik hyzmatdaşdygyny belledi we gyrgyz tarapynyň Aşgabat bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Serdar Berdimuhamedow mähirli garşy alnandygy üçin gyrgyz kärdeşine minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Gyrgyzystan bilen netijeli hyzmatdaşlygyny dowam etmäge taýýarlygyny belledi.
Şeýle hem türkmen Lideri şu gün gol çekiljek resminamalaryň sebitiň döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......