Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşar

  • 19.07.2022 16:21
  • 14k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa «bäşligindäki» beýleki kärdeşleri bilen Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde 20-21-nji iýulynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Döwlet Baştutanlarynyň bu duşuşygy barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saýtynda bildiriş edildi.

«Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýa döwletleriniň çagyryşlara we sebit howpsuzlygynyň wehimlerine bilelikde hereketini berkitmek boýunça pikir alşarlar, sebitiň döwletleriniň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmegiň meselelerini maslahatlaşarlar» - diýlip habarda aýdylýar.

Duşuşygyň çäklerinde sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......