Daşkentde Merkezi Aziýanyň wekilleri azyk ulgamlaryny goramakda hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar

  • 15.07.2022 16:10
  • 8.6k+

13 – 14-nji iýulda Özbegistanyň hökümeti we Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşygy gurady. Bu barada centralasia.media habar berýär.

Çärä gatnaşyjylar adam saglygyna, haýwanlaryň saglygyna, daşky gurşawa we oba hojalygyna jogap berýän ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri boldy. Bu duşuşykda azyk ulgamlaryny goramak, geljekki pandemiýalaryň, haýwanlaryň we adam keselleriniň ýaýramagynyň hem-de mikroba garşy serişdelere durnuklylygyň öňüni almak ugrunda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan 50-den gowrak gatnaşyjy “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa üçin hereketleriň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde işiň esasy ugurlaryny maslahatlaşdy. Olaryň arasynda Gazagystanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gyzyklanma bildirýän ministrlikleriniň, döwlet komitetleriniň we gulluklarynyň ýolbaşçylary bar. 

Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň hasabyna görä, adamda ýüze çykýan ähli ýokanç keselleriň 75%-i haýwanlardan gelip çykýar. Mysal üçin, atipik pnewmoniýa, Ebola gyzzyrmasy, doňuz we guş dümewi, brusellez we guduzlyk keseli. Olara “zoonozalar” diýilýär. Her ýyl ýüze çykýan adamdaky täze bäş keselden azyndan üçüsi haýwanlardan gelip çykýar.

Daşkentdäki duşuşygyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini iş ýüzünde ulanmagyň çärelerini maslahatlaşmakdy. Çäre Bütindünýä bankynyň ýardam bermeginde we BMG-niň Azyk we Oba hojalygy guramasy, Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirildi. 

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýada haýwanlaryň we adamlaryň saglygy üçin bar bolan howplary, şol sanda zoonozalar we mikroba garşy serişdelere durnuklylyk bilen göreşmekde, şeýle-de azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmekde milli tejribäni seljerdiler.

Duşuşykda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa üçin hereketleriň Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamagyň we bu prosesi durmuşa geçirmek üçin zerur iş toparlaryny döretmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminama sebitiň ýurtlary üçin degişli ugurlarda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny hem-de milli we sebit derejesinde zerur bolan maýa goýumlaryň sanawyny öz içine alyp biler. 

Hereketleriň Çarçuwaly maksatnamasynyň taýýarlygy 2023-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli dowam edip, gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri üçin ýokary derejeli duşuşyklary, tematiki seminarlary, şeýle-de degişli pudaklarda seljeriş işlerini öz içine alyp biler. Resminamany taýýarlamak prosesine resmi başlangyç 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli ministrler duşuşygynyň çäginde berlip bilner. 


düýn 23:05
747

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......