Serdar Berdimuhamedow Özbegistana ilkinji döwlet saparyny ýokary derejede guramagy tabşyrdy

  • 14.07.2022 08:04
  • 14k+

Ozal habar berşimiz ýaly, 14-15-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolar. 13-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow saparyň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär. 2007 — 2022-nji ýyllar aralygynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň derejesinde özara saparlaryň 25-si guraldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýady şu günki güne çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 246-sy bilen berkidildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki gepleşikleriň wajypdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol saparyň barşynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň köpugurly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ýardam etjek resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....