21-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler

  • 08.07.2022 10:47
  • 16k+

21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-ata şäherinde Yssyk-Köl kölüniň kenarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler diýip, Sputnik Täjigistan habar berýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň bu duşuşygy hasap boýunça dördünji. Üçünji Konsultatiw duşuşyk 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda Awazada geçirilipdi.
Şol duşuşykda döwlet Baştutanlary daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna 2022-2024-nji ýyllar üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taslamasyny ylalaşmak boýunça işleri tamamlamagy tabşyrdylar.
Şeýle hem indiki Konsultatiw duşuşykda sebiti ösdürmek maksady bilen Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy gol çekmäge taýýarlamak tabşyryldy.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......