Russiýa Türkmenistanyň üstünden Hindistana barjak konteýner otlusyny ugratdy

  • 07.07.2022 13:13
  • 25k+

Russiýanyň «RŽD» açyk paýdarlar jemgyýetiniň düzümine girýän «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti Russiýadan Hindistana doly düzümli konteýner otlusyny ugratdy. RŽD-niň saýtyna salgylanýan INTERFAX.RU-nyň ýazmagyna görä, otly ilkinji gezek Demirgazyk-Gündogar guryýer ugrunyň gündogar şahasy boýunça Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden geçer. 

Ilkinji otly düzümi Moskwanyň etegindäki Çehow otly menzilinden badalga aldy. Ahyrky barmaly nokady - Nawa-Şewa deňiz gämi duralgasy (Mumbaý, Hindistan). 
Daşaýyş intermodal bolar: ýoluň bir bölegi deňziň üstünden geçer.
Ugruň uzynlygy 8 müň km-dan geçýär, şol ýoly çen bilen 35-37 günde geçiler.
Ugur rus eksportçylaryna haryt ýerleýän bazarlaryny diňe bir Hindistanda, Pars aýlagynyň ýurtlarynda däl, eýsem, Afrikada-da giňeltmäge mümkinçilik berer diýip, RŽD-niň saýtynda aýdylýar. 


düýn 16:50
2.2k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

düýn 07:24
11k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
7.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

07.04.2026 15:59
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......