Türkmen biržasy: bahasy 24,5 million dollarlyk 25 geleşik

  • 27.06.2022 12:49
  • 4.2k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 442 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen azyklyk duzy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. 
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Pakistanyň, Gazagystanyň işewürleri bahasy 40 million 522 müň manatdan gowrak bolan lukmançylyk serişdelerini, nah ýüplügi satyn aldylar.  
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 8 million 587 müň manatdan gowrak gurluşyk serişdelerini satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......