Türkmen gurluşykçylary Wýetnama iş saparyna iberiler

  • 06.06.2022 01:29
  • 17k+

4-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde degişli ýolbaşçylar bilen türkmen gurluşykçylaryny hünär taýdan kämilleşdirmek, olaryň ösen döwletlerden bolan hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaklaryny guramak maksady bilen, täze döredilen komitet tarapyndan bu ugra degişli hünärmenlerden, gurluşykçylardan ybarat topary döredip, Wýetnama iş saparyna ugratmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Komitetiň başlygy D.Orazow ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklar üçin zerur bolan mermer daşlaryny ykdysady taýdan amatly ýagdaýda getirmek maksady bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür düzümleri, şol sanda Wýetnamyň önümçilik düzümleri bilen mermer daşyny almak we hünärmenleri okatmak boýunça degişli gepleşikleriň geçirilendigini habar berdi. Türkmen gurluşykçylarynyň hünär derejesiniň we tejribesiniň ýokarlandyrylmagy meýilleşdirilen gurluşyklaryň ýokary hilini hem-de olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegini üpjün eder.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, şolaryň ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara, bildirilýän beýleki talaplara, hususan-da, milli bezeg aýratynlyklaryna doly laýyk gelmegi häzirki günüň möhüm talaby bolup durýar. Şunda gurluşykçylaryň hünär taýdan kämilleşmegine wajyp orun degişlidir.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
746

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......