Raşid Meredow Birleşen Arap Emirliklerindäki kärdeşi bilen onlaýn usulda duşuşdy

  • 17.05.2022 07:40
  • 7.8k+

16-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeginiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanjyny beýan etdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde konstruktiw özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar we syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirmegiň wajyp ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Diplomatlar bu duşuşygyň, hususan-da, dokma senagaty, maýa goýumlar, nebitgaz pudagy, energetika, daşky gurşaw we azyk howpsuzlygy, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrjakdygyna umyt bildirdiler. 


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......