Türkmenistanyň biržasynda bahasy 49 million dollara golaý 49 geleşik baglaşyldy

  • 09.05.2022 12:47
  • 5.6k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 48 million 861 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, arassalanmadyk parafini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Hindistanyň telekeçileri bahasy 1 million 193 müň manatdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 437 müň manatdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.


düýn 16:02
809

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......