Iş maslahaty: Serdar Berdimuhamedow sebitlerdäki işler baradaky hasabatlary diňledi

  • 26.04.2022 00:25
  • 18k+

25-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky hasabatlar diňlenildi.

Iş maslahatynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, bugdaýyň zyýankeşleriniň öňüni almak, olara garşy bioönümleri ulanmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilişi, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg etmek işleri hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilýän bugdaýa ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylyp, şu günler ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär.

​ Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek we bellenen agrotehniki möhletde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.


düýn 22:17
733

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......