Tatarystanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

  • 25.04.2022 13:07
  • 16k+

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin bir günlük sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Minnihanow Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de uly kuwwaty, köp ýyllaryň dowamynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bilen berkidilen mümkinçilikleri hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada düýpli pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň “KamAZ” we “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, Kazan dikuçar zawody we beýleki iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, muňa ýurtda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň ýardam berýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumyna seljerme geçirýär.

Duşuşygyň dowamynda Tatarystanyň Prezidenti türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan türkmen alabaýyna ünsi çekdi. Dünýädäki meşhur tohumlaryň biri bolan alabaýlar biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini, özboluşly aýratynlygyny, häsiýetini hem-de eýesine wepalylygyny saklap geldi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Tatarystanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgat beren Akdost atly alabaýynyň ýagdaýy barada gürrüň berdi.


düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......