Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Başlangyjy;
- 2-nji bölüm;
- 3-nji bölüm;
- 4-nji bölüm;
- 5-nji bölüm;
- 6-njy bölüm;
- 7-nji bölüm;
- 8-nji bölüm;
- 9-njy bölüm;
- 10-njy bölüm;
- 11-nji bölüm;
- 12-nji bölüm;
- 13-nji bölüm;
- 14-nji bölüm;
- 15-nji bölüm;
- 16-njy bölüm
Ýaş ýigidiň pikirlerini jenap Kammings bozdy.
— Ikinjiden, şu mahalky çekýän kynçylyklaryňyzy ýatlaň — diýip, ol sözüni dowam etdi. — Bu meniň başymdanam geçdi, men bütin ömrümi bagyş eden ähli zadymy ýitirdim.
Ýaş ýigit pul ýetmezçiligi sebäpli häzir gaty kän jebirleri başyndan geçirýärdi. Ol bu sebäpli gaty kän gijäni ukusyz geçiripdi. Ýöne ol jebri-jepaň durmuşyny gowlap biljekdigi barada hiç wagt pikir etmändi.
— Üçünjiden — diýip, jenap Kammings sözüni dowam etdi, — eger hiç zady üýtgetmeseňiz, geljekde nähili jebir-sütemlere sezewar boljagyňyzy göz öňüne getiriň. Doglan gününde ogluňyzyň arzuw edýän sowgadyny alyp bilmejegiňizi, çagalaryňyzyň kollejde ýa-da uniwersitetde okuwyny dowam etdirip bilmejegini, maşgalaňyzy ýeterlik derejede üpjün edip bilmejegiňizi, maşgalaňyza ýa-da dostlaryňyza kömek etmäge mümkinçiligiňiziň bolmajakdygyny, dostlaryňyz ýanyňyza gelende ullakan öýde garşy alyp bilmejegiňizi ýatlaň.
Ýaş ýigit aýalydyr çagalaryny göz öňüne getirip, olary gerek zatlar bilen üpjün edip bilmezlik ukypsyzlygy oňa şeýle bir gorkunç göründi welin, ol hatda bu zatlary ýatlamagam islemedi. Ol uludan demini aldy — onuň geçmişem, häzirki durmuşam, geljegem jebir-jepadan doludy.
— Ýöne bu zatlar adamda sustupeslik döredenokmy? — diýip, ol sorady. — Näme üçin biz gam-gussa getirýän zatlar barada pikir etmeli?
— Hawa, bu ýaramaz duýgulary emele getirýär — diýip, jenap Kammings razylaşdy. — Ýöne, eger şol pursat adamda bütinleý gurşap alýan isleg döreýän bolsa, onda bu pikir edeniňe degýän zat, şeýle dälmi?
Ýaş ýigit başyny atdy.
— Hawa, ýöne…
— Biziň çekýän jebri-jepalarymyz güýjünde baryny edip, sypdyrylan zatlaryň öwezini dolmak isleýär hem-de bize durmuşymyzy üýtgetmäge, öňe gitmäge itergi berýär — diýip, jenap Kammings düşündirdi. — Ýadyňyzda saklaň, eger-de durmuşyňyzy üýtgedesiňiz gelýän bolsa, sizde özüňizi bütinleý gurşap alýan isleg bolmaly.
Ýokarky aýdan üç zadym gam-gussaly bolsa-da, dördünjisi gowy. Siz bu gezek göz öňüňize Hakyky Baýlygyň berip biljek oňat zatlaryny getirmeli, ýagny ullakan öý satyn almak, ulag edinmek, bir ýerlere gezelenje gitmek, adamlara kömek bermek ýaly şatlykly duýgulary başdan geçirmeli.
Meniň «göz öňüne getirmeli» diýmegimiň manysy, siz bu zatlary aňyňyzda jikme-jigi bilen, örän aýdyň ýagdaýda görmegi başarmaly. Siz Hakyky Baýlygyň berjek şatlygyny bütin durkuňyz bilen duýjak bolmaly.
— Şeýlelik bilen — diýip, jenap Kammings sözüni dowam etdi, — siz özüňizde Hakyky Baýlygy edinmegiň öňüni alyp bolmaýan islegini döredersiňiz. Haçan-da, sizde öňüni alyp bolmaýan isleg dörände, Durmuş oňa ýetmegiň ýoluny gaty bahym görkezýär.
— Siz, dogrudanam, muňa ynanýaňyzmy? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Adam, hakykatdanam, bir zady çyn ýürekden islese, Durmuş oňa ýetmegiň ýoluny görkezýärmi?
— Elbetde — diýip, jenap Kammings jogap berdi. — Latynça «isleg» sözüniň nämäni aňladýanyny bilýäňizmi?
Ýaş ýigit «bilemok» diýen manyda başyny ýaýkady.
— «Kaka», ýagny «dörediji» diýen manyny berýär. Adam göwnüne ýaran zady saýlamaga haky bar, şoňa ýetmek üçinem oňa mümkinçilik berilýär. Başgaça aýdylanda, durmuşdaky arzuwlaryňy amala aşyrmagy isleg dörände, onuň ýany bilen şonçarak güýç berilýär.
— Düşünýän — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Diýmek, siziň aýtmakçy bolýan zadyňyz, islendik bir zady ýeterlik derejede isleseň, oňa ýetmek üçin adamda şonça güýç bar diýjek bolýaňyz-da?
— Gaty dogry. Meniň durmuşym munuň gözli şaýady. Maňa ynanaýyň, eger bu altmyşdan geçen adama başardan bolsa, onda muny islendik adam edip biler!
Gije ýatmazdan ozal ýaş ýigit eden ýazgylaryndan netije çykardy:
(dowamy bar).