Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi

  • 13.04.2022 05:42
  • 9k+

12-nji aprelde sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Merkezi Aziýa döwletlerinden dialoga agzalar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine bu düzümiň işiniň ýyllyk meýilnamasy we Düzgünnamasy bilen bagly meseleler girizildi. Çykyşlarda 2020-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde döredilen dialogyň esasy maksadynyň dürli ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen hemmetaraplaýyn sebit gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdygy bellenildi.

Geljekki döwür üçin meýilnamalar barada aýdyldy hem-de zenanlaryň syýasy işleri, şol sanda parahatçylyk we howpsuzlyk, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak meselelerinde syýasy işleri babatda dürli çäreleri geçirmek teklip edildi. Hususan-da, Türkmenistanyň dialogda başlyklyk edýän döwründe alnyp baryljak işlere aýratyn üns berildi.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 22:19
1.6k+

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......