Raşid Meredow Moskwada köpugurly gepleşikleri geçirýär

  • 22.02.2022 08:42
  • 6.6k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 21-22-nji fewralda Moskwa şäherinde iş saparynda bolýar.  

21-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy belleniler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine Moskwa şäherine iş sapary bilen gitmegi hem-de Russiýanyň Daşary işler ministrliginde we beýleki döwlet düzümleri bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmen Lideri ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklara, döwlet, parlament we hökümet derejelerinde özara saparlary guramaga, bilelikdäki syýasy forumlary guramaga hem-de geçirmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem russiýaly hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek Aşgabatda şu ýylyň maý aýynda parlament ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Russiýa” Parlament forumynyň maksatnamasyna we gün tertibine seretmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, ýakyn wagtda rus tarapy bilen bilelikde hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygyny guramak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany saparyň dowamynda bu toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň ikinji ýarymynda geçirmek bilen bagly soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny aýtdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle-de ýurdumyzyň däbe öwrülen hyzmatdaşlary bolup durýan Russiýa Federasiýasynyň respublikalary, welaýatlary we ülkeleri bilen gatnaşyklaryň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutany medeniýet ulgamy boýunça gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen ençeme beýleki çäreleri guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny baýram edip bellemäge bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň üstünde işlemegi tabşyrdy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......