Ärdogan koronawirus bilen keselledi, Berdimuhamedow ony goldap hat iberdi

  • 07.02.2022 08:31
  • 18k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hat iberdi we türk Lideriniň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi.

Döwlet Baştutany hatynda “Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn” diýip belledi we durmuşyň şu agyr günlerinde hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, ýakyn günlerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan jemgyýetçilik tory arkaly beren habarynda özüniň we aýaly Emine Ärdoganyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigini aýtdy. Ol COVID-19 lukmançylyk barlaglarynyň pozitiw çykandygyny belläp, özlerinde koronawirusyň "omikron" ştammynyň ýüze çykarylandygyny, ýöne ony ýeňil geçirýändiklerini mälim etdi.

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Prezident Ärdoganyň we aýalynyň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny belläp, keseliň ýurduň Prezidentiniň işine päsgelçilik bermeýändigini aýtdy.


01.06.2026 20:16
5.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

13.05.2026 23:26
5.2k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......