Hindistan we Merkezi Aziýa döwletleri Owganystan boýunça bilelikdäki topary dörederler

  • 29.01.2022 11:44
  • 4.5k+

Hindistan we Merkezi Aziýa döwletleri Owganystan boýunça bilelikdäki topary döretmek barada ylalaşdylar. Bu barada Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Rinat Sandhu onlaýn görnüşde geçirilen Hindistan – Merkezi Aziýa sammitiniň ahyrynda habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Ýokary derejeli Hindistan – Merkezi Aziýa duşuşygynda liderler Owganystan boýunça ýakyn maslahatlaşmalary dowam etdirmek barada ylalaşdylar we Owganystan boýunça ýokary wezipeli resmi adamlaryň derejesinde bilelikdäki iş toparyny döretmek kararyna geldiler” – diýip, Sandhu aýtdy.

Hindistan we Merkezi Aziýa döwletleri Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegini bermegi dowam etdirmek isleýärler diýlip, Hindistan – Merkezi Aziýa onlaýn sammitiniň ahyrynda kabul edilen bilelikdäki Deli jarnamasynda bellenilýär.

Şeýle-de, duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanyň çäginiň terroristik hereketlerini gizlemek, taýýarlamak, meýilleşdirmek ýa-da maliýeleşdirmek üçin ulanylmazlygyny gönümel talap edýän we ähli terroristik toparlara garşy ylalaşykly hereketlere çagyrýan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2593 belgili rezolýusiýasynyň möhümligini tassykladylar diýlip, resminamada görkezilýär. 


düýn 23:05
747

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......