Ýapon alymlary: omikron deride 21 sagatdan köp saklanyp bilýär

  • 28.01.2022 14:40
  • 12k+

Ýaponiýanyň günbataryndaky Kioto prefekturasynyň Lukmançylyk uniwersitetiniň işgärleri täze koronawirusyň omikron-ştammynyň adam derisinde 21,1 sagatlap saklanyp biljekdigini anykladylar. Bu barada Singapuryň “The Straits Times” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Şol bir wagtyň özünde “omikron” görnüşi plastik üstlerde 193,5 sagat saklanyp biler. Iki ýagdaýda-da ol ýokanjyň beýleki ştammlaryna garanyňda, has uzak saklanyş möhletini görkezdi. Muňa garamazdan, “omikron” we beýleki görnüşler spirt esasly sanitaýzer bilen gatnaşykdan soň 15 sekuntyň içinde ölýär diýip, gazet belleýär.

“Omikron” adyny alan koronawirusyň täze ştammy (В.1.1.529) 2021-nji ýylyň güýzüniň ahyrynda GAR-yň we Afrikanyň ýedi döwletiniň çäginde ýaýrap başlady. Häzirki wagta çenli ol dünýäniň köp döwletlerinde ýüze çykaryldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, “omikron” delta-ştammyna garanyňda has ýokuşagan, ýöne biologlar ony göterijilerde COVID-19 ýeňil görnüşde geçýär diýip hasaplaýarlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....