Türkmenistanda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş edara binalary açyldy

  • 24.01.2022 23:18
  • 32k+

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanmaga berildi.

Şeýle edaralar şu aşakdaky sebitlerde hereket edip başlady:

  • Gökdepe, Bäherden we Tejen etraplarynda — Ahal welaýaty;
  • Köneürgenç — Daşoguz welaýaty;
  • Türkmenbaşy şäheri — Balkan welaýaty;
  • Kerki etraby — Lebap welaýaty;
  • Baýramaly etraby — Mary welaýaty;

Desgalar döwrebap sanly enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, ulag serişdeleriniň ulanyşa ýaramlylygyny tiz hem takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Desgalaryň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşigi tarapyndan ýerine ýetirildi. Desgalarda oturdylan enjamlar awtoulaglaryň ekologik kadalaryň talaplaryna laýyklygynyň, dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýynyň, tizlik ölçeýjisiniň işleýşiniň, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdarynyň, yşyklandyryş we durzujy ulgamlarynyň talabalaýyklygynyň barlaglaryny ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi anyklaýyş işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen bir hatarda, etraplaryň ilaty üçin bu işleri uzak aralyga gitmezden, gysga wagtda ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......