Berdimuhamedow: Obasenagat toplumynyň dolandyrylyş düzümlerini kämilleşdirmek boýunça çäreler görülmeli

  • 17.01.2022 22:18
  • 11k+

17-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda welaýat häkimleri oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, gowaça ekilmeli meýdanlaryň hem-de pagta öndürmegiň möçberleri, şeýle hem gowaça meýdanlary üçin goýberiljek mineral dökünleriň möçberleri baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Wise-premýer E.Orazgeldiýew oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda möwsümleýin çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 
Bellenilişi ýaly, sebitlerde oba hojalyk ekinlerini olaryň görnüşleri boýunça ýerleşdirmek hem-de ekmek üçin bölünip berlen umumy meýdany 1 million 403 müň 120 gektardan ybarat bolan meýdanda geçiriljek ekişe taýýarlyk görmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. 
106 müň gektar ýere ýeralma we gök-bakja ekinlerini, şol sanda 65 müň gektar meýdana bu ekinleriň ýazlyk, 41 müň gektar meýdana güýzlük görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, şu ýyl bu maksatlar üçin bölünip berlen ýerleriň meýdany 50 müň 450 gektar köpelýär. Häzirki wagtda ýerleri, tohumlary, ýörite tehnikalary we gurallary ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ilatymyzy, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, senagat pudagyny we beýleki suwdan peýdalanyjylary suw serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň dolandyrylyş düzümlerini hem-de usullaryny bildirilýän talaplara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de çäreler görülmelidir hem-de Ýer kadastryny düzmek boýunça işler çaltlandyrylmalydyr diýip, şunuň bilen baglylykda degişli görkezmeleri berdi.
TmCars.info-nyň ýakynda habar berşi ýaly, Türkmenistanda ýakynda «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» kararlar, şeýle hem “Welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky” Buýruk kabul edildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......