Türkmenistanda 2022-nji ýylda 580 müň gektara gowaça ekiler

  • 15.01.2022 16:10
  • 4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýyl boýunça ýurdumyzda gowaça öndürilişi hakynda degişli Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekmek meýilleşdirilýär we ondan 1 million 250 müň tonna hasyl alnar.

 Şeýle hem resminama bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2022-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek; gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Hökümetiň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde türkmen Lideri 2022-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi.


düýn 13:04
1.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady. Döwlet Baştutany öz gutlagynda Konstantinos Tasulasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gresiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi...

24.03.2026 19:40
2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Ugandanyň wekiliýeti bilen birnäçe meseleler maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okello bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy...

24.03.2026 19:24
1.8k+

Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

24.03.2026 11:55
10k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...