Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Eýranda bolup, birnäçe möhüm gepleşikleri geçirdi

  • 09.01.2022 22:32
  • 8k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Eýranyň Hökümeti bilen geçiren duşuşyklary barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp malsahatlaşdylar, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşdylar.

Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, ýangyç-energetika pudagynda, senagat ulgamynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da, halkara we sebitleýin awtomobil we demir ýol gatnawlarynyň ugurlarynyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Şunda Eýranyň Türkmenistan üçin esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygy nygtaldy. Saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň EYR-nyň birinji Wise-prezidenti Mohammad Mohber bilen hem duşuşygy geçirildi. 


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......