Türkiýäniň eksport möçberi 2021-nji ýylda rekord derejä ýetdi

  • 04.01.2022 17:07
  • 4.6k+

Türkiýäniň eksport möçberi 2021-nji ýylda 225,36 mlrd dollara barabar bolup, bu respublika üçin rekorddyr. Bu barada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Geçen ýyl (2020-nji ýyl) bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda eksport möçberi 32,9% ýokarlanyp, 225,36 mlrd dollar boldy. Bu rekord” – diýip, prezident Stambulda aýtdy. 

Ärdoganyň aýtmagyna görä, “2021-nji ýylda Türkiýäniň daşary söwdasy 2002-nji ýyldaky 87,6 mlrd dollardan 496,7 mlrd dollara çenli artdy”. “Türkiýäniň daşary söwda ýetmezçiligi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7,8% - 45,9 mlrd dollara çenli azaldy, eksportyň importa gatnaşygy bolsa 83,1%-e çenli ýokarlandy. Türkiýäniň Günorta Amerika ýurtlaryna eksporty 86,6%, ÝB-den daşary Ýewropa ýurtlaryna – 29%, Ýakyn we Orta Gündogaryň ýurtlaryna – 22,6%, Demirgazyk Afrika ýurtlaryna – 44,8% ýokarlandy” – diýip, türk lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan başga-da, Ärdogan “Türkiýäniň ilkinji gezek çökgünlikleri dolandyrýan we olaryň täsiriniň astynda çüýremän, gaýtam olary mümkinçiliklere öwürýän ýurt bolandygyny” nygtady. 


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:18
7.8k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

27.05.2026 14:21
5.5k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......