Astrahan Olýa portunda Türkmenistanyň logistika merkezini açmagy teklip etdi

  • 10.12.2021 17:04
  • 5.5k+

Russiýanyň Astrahan oblastynyň Olýa portunda Türkmenistanyň logistika merkezi açylar. Bu barada Astrahanyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde ylalaşyk gazanyldy. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti hem goldady. Bu barada astrobl.ru saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda saparda bolan Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň çäklerinde Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini açmak hakynda ylalaşyk gazanyldy. Bu merkeziň açylmagy Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

«Biz täze desgany Astrahan oblastynyň Olýa portunyň sebitindäki aýratyn ykdysady port zolagynda ýerleşdirmegi teklip edýäris. Biziň zolagymyz işjeň ösýär. Bu ýerde labyryň rezidenti: «Kaspiý» port-logistika kompaniýasy peýda boldy. Kompaniýa 2023-nji ýylyň ahyryna çenli kuwwatlylygy 3 million tonnadan gowrak bolan täze terminallaryň 4-sini işe girizmegi meýilleşdirýär» diýip, sebitiň ýolbaşçysy gepleşikleriň dowamynda habar berdi.

Raşid Meredow, öz gezeginde, Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek hakyndaky teklibi makullap, ýakyn günlerde bu taslama boýunça türkmen tarapyndan utgaşdyryjynyň belleniljekdigini aýtdy we geljek hepdede wideoaragatnaşyk arkaly birinji bilelikdäki jikme-jik pikir alyşmalary guramagy teklip etdi. 


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......