Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Duşenbede duşuşdylar

  • 08.12.2021 23:46
  • 3.1k+

8-nji dekabrda Duşenbe şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça ýörite wekiliniň orunbasary, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de Gazagystan Respublikasynyň Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi.
W.Hajiýew öz çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň netijeleriniň, aýratyn-da onuň Jemleýji Beýannamasynyň ähmiýeti barada belledi. Ol şeýle hem sebitde BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça strategiýasynyň we Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Bu ugurda häzirki wagtda sebitiň ýurtlarynyň indiki onýyllyk üçin Bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň täzelenen taslamasynyň üstünde işleýändigi beýan edildi.


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......