BSGG-niň bilermenleri Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreş maslahatlaryny taýýarladylar

  • 03.12.2021 07:53
  • 9.7k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň bilermenleri Türkmenistana saparyny tamamladylar. Saparyň netijeleri boýunça hünärmenler ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň COVID-19-a garşy göreşmäge taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça maslahatlary işläp düzdüler. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň saýtynda neşir edilen metbugat beýanynda aýdylýar.

«Keselleme ýagdaýlarynyň öz wagtynda ýüze çykarylmagy goşmaça täsir ediş serişdelerini, şol sanda aragatnaşyklary yzarlamak, karantin, zerur bolan bejergini üpjün etmek ýaly çäreleri herekete girizmäge ýardam eder» diýip, BSGG-niň Ýewropada adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit direktory Dorit Nisan belledi.

Saparyň çäklerinde BSGG-niň bilermenleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri bileen bakteriologiýa we wirusologia ulgamynda sebitara mümkinçilikleri berkit babatda maslahatlaşdylar. Şeýle hem COVID-19-y ýüze çykarmak üçin wiruslaryň genetiki yzygiderligini sazlamak mümkinçiligi öwrenildi.
BSGG-niň bilermenleri Türkmenistana saparynyň dowamynda teklipleri taýýarlamak üçin birnäçe saglygy goraýyş edaralaryna baryp gördüler.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....