Raşid Meredow «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň mejlisine gatnaşdy

  • 01.12.2021 07:38
  • 4.9k+

30-njy noýabrda Duşenbe şäherinde daşary işler ministrleri derejesinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Oňa foruma gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we sanly tehnologiýalar pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk nobatdaky forumyň gün tertibine girizildi.

Forumyň barşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary pandemiýanyň netijelerini, şeýle-de sebit we ählumumy prosesleri nazara almak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini we maksadaokgunlylygyny nygtamak bilen, nobatdaky duşuşygyň gün tertibinde bellenen meseleleriň ählisi boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işini hem şöhlelendirdi. Ýurduň «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösüşine, şol sanda energetika we senagat ýaly pudaklaryň tebigaty goraýjy ulgamlarynyň giňeldilmegine goşýan ähmiýetli goşandy hem aýratyn bellenildi. 

Şeýle-de 14-nji hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde, 29-njy noýabrda Duşenbede foruma gatnaşyjy ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we işewürler toparlarynyň wirtual görnüşde gatnaşmaklarynda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň birinji Işewürlik maslahaty hem geçirildi.


şu gün 12:22
1.6k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

şu gün 12:11
7.2k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 18:54
3.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....