Berdimuhamedow Stambulda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

  • 13.11.2021 09:11
  • 12k+

12-nji noýabrda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Stambulda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkiýe Respublikasyn Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Prezidentler hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmak bilen, taraplaryň iki ýurduň bähbitlerine hem-de sebitde we dünýäde abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Uzak möhletleýinlik hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijesinde geçen ýyllarda dürli ugurlar boýunça birnäçe bilelikdäki taslamalar amala aşyryldy hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag we kommunikasiýalar, gurluşyk senagaty hem-de beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşykda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitiniň gün tertibine deglip geçildi. Söhbetdeşler Türkmenistanyň synçy derejesinde bu gurama goşulyşmagy baradaky çözgüdiň giň ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.


düýn 16:04
7.6k+

Türkmenistanda KHBS-de we internetde galp mahabat üçin täze jerimeler güýje girýär

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda galp mahabat maglumatlarynyň berilmegi üçin jogapkärçiligi güýçlendirýän täze kanunçylyk kadalary güýje girýär. Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky......

22.04.2026 17:34
4.2k+

Amyderýadan Aşgabada: ýaş tebigatçylar üçin ekologiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin okuw maslahaty......

22.04.2026 14:54
3.1k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......

22.04.2026 14:35
6.8k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......